JEMGYÝET

Türkmenistanda ilkinji gezek “HI-TECH-2024” forumy geçiriler

2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de “Oguzabat” hojalyk jemgyýetiniň guramagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara forum hem-de sergi geçiriler.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň edara binasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän foruma we sergä gatnaşmaga häzirki wagtda dünýäniň dürli döwletlerinden onlarça   edara-kärhanalar, halkara we jemgyýetçilik guramalary hasaba alyndy.

Bu foruma ýokary tehnologiýalar ulgamynda öňdebaryjy kompaniýalar, şol sanda “Google”, “Mastercard”, “Microsoft” ýaly köp sanly iri maglumat tehnologiýa kompaniýalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Forumyň çäklerinde ýokary tehnologiýalary çekmekde Türkmenistanyň mümkinçilikleri, elektron hökümeti, maglumat merkezlerini, IT parklary döretmegiň geljegi, emeli aňdan peýdalanmagyň tejribesi ýörite mejlislerde giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar.

Halkara forum innowasiýalar we ýokary tehnologiýalar ugrunda bilim alýan talyplar, ýaş hünärmenler üçin has-da peýdaly bolup biler. Serginiň çäklerinde innowasion taslamalaryň «Startup» bäsleşigi geçiriler. Oňa gatnaşjak hünärmenler özleriniň maglumat we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky täzeçil taslamalary üçin maýa goýujylary tapyp, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýokary derejeli wekilleri bilen özara gatnaşyklary ýola goýup bilerler.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-nyň senatory bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň lybaslary Fransiýada görkezildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan Işewürler geňeşini döretmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan “Tebigat-ene” atly halkara çäräni geçirer

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri