JEMGYÝET

Türkmen filmleri Türkiýede baýraklara mynasyp boldy

2024-nji ýylyň 2-3-nji maýynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde «Turan» atly halkara kinofestiwaly geçirildi, döredijilik çäresini guraýjylar hökmünde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) we Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi çykyş etdiler.

 

Kinofestiwalyň maksatnamasynyň çäklerinde 77 ýurtdan 1055 filmler görkezildi. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi festiwalda üç sany filmi hödürledi – «Ol Rumystany görsem» režissýory H.Alowow, «Umyt» režissýory I.Annamuhammedow we «Meniň kakam» režissýory A.Eýeberdiýew.

 

«Ol Rumystany görsem» we «Umyt» atly iki sany türkmen filmi «Turan» atly halkara kinofestiwalynyň emin agzalary tarapyndan ýörite baýraklar hem-de hormat hatlary bilen sylaglandy.

 

Gündogaryň beýik şahyry, akyldar hem filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bagyşlanan «Ol Rumystany görsem» atly dokumental filmi türkmen kinoçylary tarapyndan Türkiýe Respublikasynda surata düşürildi. Türkmen kino eseri türkmen edebiýatynyň nusgawy wekiliniň keşbini diňe bir milli derejesinde däl, eýsem, dünýäniň kino söýüjilerine açyp görkezdi.

«Ol Rumystany görsem» atly dokumental filmi halkara kinofestiwalynyň maksatnamasynyň çäklerinde hem görkezildi.

 

Şeýle hem, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi kinofestiwalyň gurnaýjylary tarapyndan türki halklarynyň medeniýetine goşan goşandy üçin hem ýörite baýrak gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurulýar

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Azerbaýjanda geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň muzeýinde Milli Liderimiziň manyly ömrüne degişli gymmatlyklary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuda geçiriljek şäherleriň Bütindünýä forumyna gatnaşar