BIZNES

Günorta Koreýanyň kompaniýalary Garagum kanalyny döwrebaplaşdyrmak taslamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler

Günorta Koreýanyň kompaniýalary Garagum kanalyny döwrebaplaşdyrmak taslamasyna gatnaşmagyň mümkinçiliklerine garaýarlar. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Li Won-Je sişenbe güni çap edilen “nCa” neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Diplomatyň aýtmagyna görä, koreý kompaniýalary demir ýol düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle-de Türkmenistanda optiki-süýüm geçirijileri we polat turbalary öndürýän önümçilikleri döretmek taslamalaryna hem gyzyklanma bildirýärler.

Diplomatyň belleýşi ýaly, koreý tarapy energetika, gämi gurluşygy, IT, ulag, saglygy goraýyş we medeniýet ugurlaryny öz içine alýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýär.

Li Won-Je ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda wodorod ýangyçly jemgyýetçilik ulaglaryny, elektromobiller üçin infrastrukturalary we awtonom dolandyryş ulgamlaryny görkezdi.

Gämi gurluşygy pudagynda bolsa Koreýa Respublikasynyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology” kompaniýasy “Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş” zawody bilen bilelikde gury ýük gämilerini gurmak taslamasyny durmuşa geçirýär. Ilçi geljekde ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilip, demir ýol ulaglarynyň gurluşygyny hem öz içine aljakdygyna umyt bildirdi.

Şeýle hem diplomat Türkmenabatda fosfor dökünlerini öndürýän zawodyň gurluşyk taslamasynyň ähmiýetini belledi. Bu taslama “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçirilýär. Diplomatyň aýtmagyna görä, bu taslama türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ykdysadyýetiň strategik pudaklarynda mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berýär.

Ýene-de okaň

“Ak şäherim Aşgabat” halkara maýa goýum we tehnologiýa gepleşiklerini giňelder

Arkadag şäherinde goşa baýrama bagyşlanan dabaralar

Türkmenistan Hazaryň düýbi bilen çekiljek energiýa kabeli taslamasyna gatnaşmak mümkinçiligini öwrenýär

Türkmenistan bilen Owganystan energetika taslamalaryny maslahatlaşdy

24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergi we maslahat geçiriler

Türkmenistan «Green EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşar