BIZNES

Türkmenistan bilen Russiýa ulag hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň ulag ministri Roman Starowoýtyň arasyndaky wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Russiýanyň Ulag ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň esasy mowzuklarynyň biri halkara ýol ulaglaryny ösdürmekden ybarat boldy.

Taraplar Russiýanyň ulag kompaniýalary tarapyndan ýük gatnawynyň mukdaryny artdyrmagyň geljegine, şeýle hem “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň ýol ugrunyň infrastrukturasynyň ösüşini sinhronlaşdyrmak meselelerine garadylar.

Şeýle hem duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklaryň ýene-de biri “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça bütewi demir ýol operatoryny döretmek boldy. Bu başlangyç Gazagystanyň we Eýranyň hyzmatdaşlaryndan goldaw aldy.

Gepleşikleriň dowamynda rus wekilleri türkmen tarapyny taslama goşulmaga çagyrdy.

Iş duşuşygy Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ulag hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we halkara logistika taslamalaryny ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklady.

Ýene-de okaň

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler