SPORT

“Aston Willa” taryhynda ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

Angliýanyň “Aston Willa” toparynyň futbolçylary Ýewropa ligasynyň final duşuşygynda Germaniýanyň “Fraýburg” toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Stambulda geçirildi. Gollary Ýuri Tilemans (41-nji minut), Emiliano Buendiýa (45+3) we Morgan Rojers (58) öz adyna ýazdyrdylar.

“Aston Willa” taryhynda ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy. Topar 1982-nji ýylda Ýewropa çempionlarynyň kubogyny we UEFA-nyň Superkubogyny gazanypdy. Birmingemiň kluby Angliýanyň ýedi gezek çempiony, Angliýanyň kubogynyň ýedi gezek eýesi we Liga kubogynyň bäş gezek ýenijisidir.

Angliýanyň toparyna Unai Emeri tälim berýär. Bu Ýewropa ligasynyň finaly Emeri üçin 6-njy boldy. Ol mundan öň bu ýaryşda Ispaniýanyň “Sewilýa” (2014, 2015, 2016) we “Wilýarreal” (2021) toparlaryny ýeňşe alyp barypdy, şeýle hem Angliýanyň “Arsenal” (2019) topary bilen finala çenli ýetipdi.

“Fraýburg” bolsa taryhynda ilkinji gezek ýewrokuboklaryň finalyna çykdy.

“Aston Willa” geljekki möwsümde Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynda çykyş eder. UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky duşuşykda Birmingemiň topary “Arsenal” bilen Fransiýanyň PSŽ toparlarynyň arasyndaky Çempionlar ligasynyň finalynyň ýeňijisi bilen oýnar.

Related posts

“Pahtakor” topary 20 ýyldan soňra Türkmenistanyň topary bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messi 34 ýaşady

Çempionlar ligasynyň finalynda “Lion”-yň ýeňşi