JEMGYÝET

Si Szinpin Türkmenistana sapar bilen geler

Hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylyk hatyny ugratdy. Munuň özi türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze sahypany açmak bilen, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna badalga berer. Si Szinpin hem döwlet Baştutanymyzyň çakylyk hatyny kabul edip, öz gezeginde, jogap hatyny iberdi. Bu hatda şeýle bellenilýär:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Siziň iberen çakylyk hatyňyzy aldym.

Siz uzak wagtyň dowamynda hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda tagalla edýärsiňiz, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlugyň dowam etdirilmegine ägirt uly goşant goşýarsyňyz hem-de dürli möhüm ugurlarda özara hyzmatdaşlyga ýardam edýärsiňiz. Men muňa ýokary baha berýärin. Men hytaý-türkmen hemmetaraplaýyn gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin we Siziň bilen ýakyn gatnaşyk saklamaga taýýardyryn. Türkmenistana gelip görmäge çakylygyňyz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin. Iki tarap üçin hem amatly bolan wagtda ýurduňyza sapar bilen barmaga taýýardyryn. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleri bu mesele boýunça ýakyn aragatnaşykda bolup bilerler.

Siz öz hatyňyzda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde birnäçe iri taslamalary ýatlapsyňyz. Hytaý tarapy iki ýurduň arasynda dürli ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny yzygiderli goldaýar. Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça komitet degişli başlangyçlary düýpli öwrenip, olary degişli şertlerde durmuşa geçirip biler. Hytaý tarapy Türkmenistan bilen bilelikde gatnaşyklaryň täze aýdyň nusgalaryny döretmek we “Hytaý — Türkmenistan bitewi ykbal bileleşiginiň” mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, parahatçylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan «Taýwanyň garaşsyzlygy» bilen bagly islendik görnüşlere garşy çykyş edýär

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Bakudaky WUF13 forumynda Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Şazada Edward bilen duşuşdy

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar