TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ykjam goşundysy işe girizildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ykjam goşundysy dabaraly ýagdaýda işe girizildi.

Çäre, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMCA 10) bilen hyzmatdaşlykda geçirildi. Oňa Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary, BOMCA 10 ýolbaşçylary, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük we serhet gulluklarynyň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ykjam goşundysy BOMCA 10 maksatnamasynyň Serhetüsti hyzmatdaşlygyň berkidilmegi atly 4-nji ugrunyň çäklerinde, ähli ulanyjylaryny gümrük kadalary we düzgünleri barada maglumatlar bilen üpjün etmek üçin işlenip taýýarlandy. Ykjam goşundy gümrük amallaryny çalt ýerine ýetirmäge, täze gümrük kadalary we gümrük kanunçylygyna girizilen üýtgetmeleri barada habarly bolmaga ýardam edýär. Mundan başga, Ykjam goşundy, Ýolagçy gümrük deklarasiýasyny hakyky wagtda doldurmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, täze işe girizilen Ykjam goşundy diňe bir gümrük işgärleriniň däl, eýsem ol telekeçilerimize hem-de Türkmenistana gelmek isleýän syýahatçylar üçin hem peýdaly bolar.

Ýene-de okaň

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar