TEHNOLOGIÝA

Aýyň topragynda ösümlik ýetişdirildi

Florida uniwersitetiniň alymlary Aýdan getirilen toprak nusgalarynda ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin ilkinji üstünlikli synag geçirdiler. “Apollon” missiýasynyň kosmonawtlary tarapyndan Ýere getirilen toprak nusgalaryny ulanyldy.

Aýyň topragyna kress-salat ösümliginiň tohumy oturdyldy we ol hem gögerdi. Bu ýagdaý Aýdaky topragyň ösümlik üçin ýaramlydygyny görkezdi we geljekki Aýda amala aşyryljak missiýalar üçin uly ähmiýete eýe boldy.

Ýöne Aýyň topragynda ýetmezçilikleriň bardygy belli edildi. Şeýlelikde, “Aý” saladynyň boýy gaty pes boldy.  Alymlar Ýeriň emeli hemrasynyň üstündäki kosmiki radiasiýa täsir edýändigini bellediler. Toprak radiasiýa we Gün ýelinden näçe daşda bolsa, ösümlikler üçin has ýaramly bolýar.

“Apollon-11” missiýasynyň getiren toprak nusgalary “oba hojalyk” üçin ýaramly hasap edildi. Bu missiýa Aýdan Ýere 842 funt (381 kg) daş we toprak getiripdi. Florida uniwersitetiniň alymlar toparyna synag üçin 12 gram möçberinde toprak berildi.

 

Ýene bir ýörite uçar gatnawy: “Türkmenistan” awiakompaniýasy

 

Ýene-de okaň

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar