DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri Rabab Fatima bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan BMG-niň Ýokary wekiline mähirli salamy we iň gowy arzuwlary ýetirdi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň Dostlar toparynyň egindeş başlygy hökmünde bu döwletler toparynyň bähbitlerini ilerletmäge, olaryň halkara goldawyny pugtalandyrmaga hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň amaly mehanizmlerini giňeltmäge mundan beýläk hem işjeň ýardam etjekdigi bellenildi.

Taraplar 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň we Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegine LLDC kategoriýasyna degişli ýurtlaryň bähbitlerini ilerletmekde, şeýle hem durnukly ösüş maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm tapgyr hökmünde aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar bu resminamalary durmuşa geçirmegiň amaly mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar LLDC ýurtlarynyň bähbitleri üçin daşky gurşawy goramak gün tertibi, durnukly energetika, suw diplomatiýasy, sanlylaşdyrma we aýlawly ykdysadyýete geçiş ýaly esasy ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri UNOHRLLS bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirip, hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk mejlisi geçirildi

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan ozal Özbegistana bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy