DÜNÝÄ

ABŞ-da saýlawlar

Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda saýlawlar geçiriler. Amerikylar Wekiller palatasynyň wekillerini, şeýle hem köp sanly ştatyň gubernatorlaryny saýlarlar. Bu saýlawlaryň netijeleri Prezident Baýdeniň öňümizdäki galan 2 ýyldaky prezidentlik wezipesine hem öz täsirini ýetirer.

“BBC” telelýaýlymynyň habar bermegine görä, bu saýlawlar adatça aralyk saýlawlary hem diýilýär. Ol Prezidentiň wezipesini amala aşyrýan döwrüniň ortalarynda geçirilýär. Bu saýlawlarda Prezident saýlanmaýar, ýöne saýlawçylar beýleki wezipeli adamlary saýlaýarlar. Olar – Kongresiň agzalary, senatorlar, gubernatorlar we ştatlaryň kanun çykaryjylyk geňeşiniň agzalary bolup durýar.

WEKILLER PALATASY

Wekiller palatasynyň ähli 435 agzasy her 2 ýylda bir gezek saýlanýar. Soňky 2 ýylda bu palatanyň agzalarynyň agramly bölegini demoktarlar eýeledi. Bu adat zat. Haýsy partiýanyň wekili prezidentlige saýlanan bolsa, Kongresiň her palatasynda şol partiýanyň agzalary agdyklyk edýär.

SENAT

Senatda bolsa 35 senator saýlanýar. Bu ugurda esasy bäsdeşlik – Pensilwaniýa, Jorjiýa, Newada we Arizona ştatlarynda geçer.

ŞTATLARDAKY SAÝLAWLAR

Bu saýlawlar bilen köp sanly ştat özüniň kanun çykaryjy geňeşini, gubernatorlaryny we döwlet sekretarlaryny saýlaýar. 2024-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawlary üçin aralyk saýlawlary möhüm bolup durýar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar