SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Täzeden uçar gatnawlaryny ýatyrdy

Beýik Britaniýa Afrika yklymynyň käbir döwletleri bilen uçar gatnawlaryny ýatyrdy. Uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň sebäbi koronawirus ýokanjynyň täze mutasiýa görnüşiniň çykmagy bilen baglanyşyklydyr.

Şonuň üçin ýurduň hökümeti Günorta Afrika Respublikasy, Botswana, Namibiýa ýaly döwletler bilen gatnawlary togtatdy.

– Bu ýurtlardan gelýän Beýik Britaniýanyň we Irlandiýanyň raýatlary öz hasabyna 10 günlük karantin çärelerini berjaý ederler. PSR barlagy karantin döwrüniň ikinji we sekizinji günleri alnar. Şeýle hem Afrikadan golaýda dolanyp gelen raýatlardan hem lukmançylyk barlagyndan geçmek maslahat berildi – diýip, Beýik Britaniýanyň saglygy goraýyş ministri Sajid Jawid habar berdi.

Koronawirusyň täze görnüşine entke grek harpynda at berilmedi. Ol В.1.1.529 ýa-da afrika ştammy diýlip atlandyryldy. Bu ýokançlyk Günorta Afrika Respublikasy we Botswanada ýüze çykdy.

Şol bir wagda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy täze görnüşi “COVID-19-iň iň howply görnüşi” diýip atlandyrdy. Häzirki wagtda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy täze ýokanja garşy çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin gyssagly ýygnak geçirer.

 

Maradonanyň heýkeli dikeldildi

Ýene-de okaň

Özbegistan 3 aýda 2,8 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri