SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Özbegistan Aşgabatda geçiriljek halkara sergide lukmançylyk mümkinçiliklerini hödürlär

Lukmançylyk hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow bilen Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda geçirilen duşuşygyň esasy mowzugy boldy. Gepleşikleriň dowamynda jemgyýet üçin möhüm ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada özbek metbugaty habar berdi.

Taraplar hünärmenleriň, lukmanlaryň, şeýle hem derman we lukmançylyk önümlerini öndürijileriň arasynda tejribe alyşmagyň möhümdigini bellediler. Bu, öz gezeginde iki ýurtda lukmançylyk hyzmatlarynyň hiline oňyn täsir etjek öňdebaryjy tejribäni we tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Duşuşykda çaga onkologiýasy üçin halkara akademiki merkez döretmek meselesi hem maslahatlaşyldy.

10-12-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljeksaglygy goraýyş, bilim we sport bilen baglanyşykly halkara sergisine aýratyn üns berildi.

Taraplar bu giň gerimli çäräniň çäginde Özbegistanyň lukmançylyk we farmasewtiki mümkinçiliginiň tanyşdyrylyşyny guramagyň mümkinçiligi barada pikir alyşdylar.

Duşuşyk Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda saglygy goraýyş, derman senagaty we lukmançylyk ylmy pudagynda has netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň we uly mümkinçilikleriň bardygyny tassyklady.

Ýene-de okaň

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy