JEMGYÝET

Taýka Waýtiti täze “Ýyldyz söweşleri” filmine režissýorlyk eder

Taýka Waýtiti «Ýyldyz söweşleri» atly filmiň täze bölüminiň edebi esasyny ýazyp, oňa režissýorlyk etjekdigini habar berýär. Bu filmiň ähli bölümleri tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Taýka Waýtiti dünýäniň birnäçe abraýly baýraklarynyň eýesi bolmagy başardy. Şolaryň hatarynda «Academy Award» baýragy hem bar. Täze filmiň edebi esasyny ýazmaga «1917» atly filmiň režissýory Kristy Uilson Kerns hem ýardam eder.

«Ýyldyz söweşleri» atly filmiň Disneý studiýasy tarapyndan surata düşürilmegine garaşylýar. Emma filmiň haçan tomaşaçylara ýetiriljekdigi barada anyk sene aýdylmaýar. Ýöne bu filmiň ýene-de şowly çykmagyna garaşylýar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Hindistan G-20-niň mejlisini kabul eder

vepa