SIZDEN GELENLER

Taryhyň buýsançly sahypalary

Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň, taryhy-medeni mirasynyň ylmy taýdan çuňňur hem-de köptaraplaýyn öwrenilmegini, goralyp saklanmagyny, dünýäde wagyz edilmegini alymlaryň öňünde möhüm wezipe edip goýýar.

Her bir halkyň özüniň ruhy hazynasy bolýar. Türkmen halky edebi mirasyna, edebiýatyna, medeniýetine hormat goýup, ony aýawly saklaýan millet. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde pähimdarlarymyzyň, söz ussatlarymyzyň edebi mirasy, taryhy ýadygärliklerimiziň gymmaty hiç wagt öz gadyryny ýitirenok.

Şan şöhrata beslenen geçmişimize ser salsak, merdana atababalarymyz türkmene mahsus parasatlylyk, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk bilen taryhyň dürli döwürlerinde kuwwatly döwletleri gurupdyrlar.

Türkmenlerin 30-dan gowrak tiredir taypalary tarapyndan esaslandyrylan Sefewi türkmenleriniň döwleti halkymyzyn köp müňyyllyk taryhynda özboluşly bir döwür bolup durýar. Bu döwletiň döwründe edebiýat, sungat, binagärçilik we ylym uly ösüşlere eye bolupdyr. Türkmen medeniýetiniň özeni bolup durýan bu ugurlaryň her biri barada näçe gürrüň etsen edip oturmaly.

Sefewi turkmenleriniň döwletinde medeniýetiň ösen ugurlarynyn biri bolan ylym – aýratyn hem taryh ylmy pajarlap ösüpdir. Türkmen taryhçylarynyň hyzmaty bilen ençeme taryhy eserler döredilipdir. Şeýle eserleriň döremeginde türkmen soltanlarynyň hyzmaty hem az bolmandyr. Olaryn buýurmasy we gönüden-goni dahylly bolmaklary bilen taryh ylmynyň ösüşine uly goşant goşulypdyr. Sefewi türkmenlerinin döwletini esaslandyran şa Ysmayyl Hataýynyň (1487 – 1524) özi hem ençeme ajayyp şygyrlary döredipdir.

Bu hokümdaryň bitiren işleri onuň nesilleri üçin hem nusga bolupdyr. Elbetde sefewilerde ylma, medeniýete, sungata söýgi we sarpa tarpdan döremändir. Ol türkmenlerin Seljukly, Osmanly, Garagoýunly we Akgoýunly döwletlerinden gelýän görelde. Bir söz bilen aýdanynda ol gadymdan gelýän görelde. Bu görelde Sefewi türkmenleri tarapyndan kabul edilipdir we has kämilleşdirilipdir. Türkmen taryhçylarynyn esasy köpçüligi öz gelip çykan taýpa atlaryny familiýa hökmünde ulanypdyrlar. Olaryn arasynda «Türkmen» ady bilen belli taryhçylaryň bolmagy has hem gyzykly.

Sefewiler döwründe halkymyzyn geçmiş taryhy barada kitap yazan ilkinji taryhçylaryn biri Mürze Barhurdar Türkmen bolupdyr. Ol 1530-njy yylda «Ahsan as – siyar» («Syýahatlaryň naýbaşy) eserini ýazyp gutarypdyr. Onun dört tomlyk işinden diñe bir tomy – 4-nji tomy saklanyp galypdyr.  Bu kitap iňlis alymy, Hindistanyň Aligarh uniwersitetinin professory L.F.Raşbruk Wilýams tarapyndan yüze
çykarylypdyr we ondaky maglumatlary ol özünin 1918-nji yylda Londonda neşir edilen
kitabynda ginişleyin peýdalanypdyr.

Sefewiler dowrünin taryhçylary hakynda gürrün edilende oni bilen şa Ysmaylyn Hanybeg
hanymdan bolan ogly Tahmasp şanyň (1524-1576) adyny bellemeli. Öz kakasynyn içgin aladalary we döwrünin meşhur sungat we ylym adamlarynyň hyzmaty bilen XVI asyryń zehinli
adamlarynyn hataryna goşulupdyr. Ol ylym – bilime we sungata sarpa goýýan, hatdatlykdan
we nakgaşlykdan baş çykaryan meşhur hökümdar bolup yetişipdir. Sefewi türkmenlerinin döwletini 52 yyllap dolandyran şa Tahmasp ylymda taryhçy hökmünde hem tanalyar.

Şeýle alymlaryň başga-da köp sanlysy Sewefiler döwleti döwründe döräpdi. Sefewi döwletinin görnükli patyşalarynyň biri Şa Apbas bolupdyr (1587-1628). 1598-nji yylda Şa Apbas paýtagty Kazwinden Yspyhana
geçiripdir. Sefewi döwleti Şa Apbas döwründe Osman döwleti bilen, Yewropa döwletleri bilen basleşip bilipdir, Netijede, ol Gruziyany, Ermenistany, Azerbayjany, Kürdüstany, Diyarbekiri, Arabystany yzyna alyp bilipdir.
Şa Apbas Merkezi Aziyaly türkmenlerin hakydasynda «Şasenem-Garyp» dessany arkaly, şeyle-de öz zikgelän apbasy teňňeleri bilen saklanyp galypdyr.

Arzuw Setdarowa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň

Gündogar dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Goşa mukaddesligiň belent sarpasy

Parahatçylyk – geljegiň rowaçlygy

Türkmenistan – bagtyýar çagalygyň mekany

Döwrebap bilim — kämil ýaşlar

Nebitgaz pugagynda halkara hyzmatdaşlygy

Diller – üstünligiň açary