SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Suw çilimi we elektron çilim : bikanun söwdasyna garşy barlyşyksyz göreş

Temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun ýollar bilen ýurdumyza getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alnyp barlar. Bular barada Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň düýn geçiren  Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde bellenip geçildi.

Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň içeri işler ministri temmäki önümleriniň, şol sanda suw çiliminiň we elektron çilimleriň ýurdumyza bikanun getirilmegine hem-de ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet serhedindäki gözegçilik-geçiriş nokatlarynda guralan çäreleriň netijeleri, döwletimiziň çägine bikanun ýollar bilen getirilen we ele salnan önümler baradaky maglumatlar beýan edildi. Habar berlişi ýaly, hukuk bozulmalaryny eden raýatlara milli kanunçylyga laýyklykda degişli çäreler görüldi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun ýollar bilen ýurdumyza getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Ýurdumyz dünýäde temmäkiden azat çäkleri giňeltmek boýunça işe öz goşandyny goşmaga çalyşýar, temmäkä garşy göreşmekde netijeli hereketler ýaýbaňlandyrylyp, alnyp barylýan döwlet syýasaty esasynda bu iş has-da giň gerime eýe boldy. Bu babatda türkmen jemgyýetinde çilimkeşlik ýaly zyýanly endigi aradan aýyrmak boýunça anyk çäreleri görmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Temmäki önümleriniň bikanun söwdasynyň doly aradan aýrylmagyna gönükdirilen we bu önümleriň ýurdumyzyň çägine getirilmegine berk gözegçiligi, öňüni alyş-hukuk çärelerini göz öňünde tutýan işi güýçlendirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu serişdeleriň bikanun ýaýradylmagynyň, ulanylmagynyň, ýurdumyzyň çägine getirilmeginiň öňüni almak boýunça ugurdaş harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde zerur işleri dowam etdirmegi ministre tabşyrdy.

Ýene-de okaň

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy