SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Niderlandlar koronawirus çäklendirmelerini ýatyrýar

Şu günler dünýäniň dürli künjeklerinde koronawirus ýokanjy sebäpli girizilen çäklendirmeler gowşadylýar ýa-da ýatyrylýar. Şeýle ýurtlaryň biri hem Niderlandlar Patyşalygy boldy.

Ýurduň saglygy goraýyş ministri Ernst Kuipers çäklendirmeleri kem-kemden gowşadyp, 25-nji fewralda doly aradan aýyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Ol bu barada beren beýanatynda erbet günleriň yzda galandygyny belläp, bar bolan maglumatlara laýyklykda, wirusyň täze görnüşleriniň gaty bir gorkuzyjy derejede däldigini mälim etdi.

Şeýle hem ol ilatyň agramly böleginiň sanjym edilip, immun derejesiniň ýokarlanandygy üçin çäklendirmeleri ýatyrmagyň mümkindigini belledi.

Tapgyrma-tapgyr çäklendirmeleriň ýatyryljakdygyny bellän ministr öýler üçin myhman sanyny çäklendirmegiň aradan aýrylandygyny, öý eýeleriniň islän möçberde myhman çagyryp biljekdigini belledi.

Karantin möhletiniň 5 gün bilen çäklendirilendigini bellän ýurduň saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysy öýden işlemegiň zerurlygynyň ýokdugyny, restoranlar, teatrlar we kino merkezleriniň 500 we şondan köp möçberde müşderi kabul edip biljekdigini aýtdy.

Ýurtda agyz-burun örtügini dakynmak hem-de howpsuz araçägi saklamak diňe jemgyýetçilik ulaglarynda we howa menzillerinde hökmany bolar.

 

Çempionlar ligasy: “PSŽ” “Realy” ýeňdi

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda Malaýziýa Türkmenistandan 10 750 syýahatçyny kabul etdi

Türkmenistan bilen Malaýziýa: syýahatçylykda 20-den gowrak şertnama gol çekildi

Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Baku–Aşgabat uçar gatnawlaryny ýola goýmak mümkinçiligi öwreniler

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär