SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Milanda 1-nji ýanwardan jemgyýetçilik ýerlerde çilim çekmek gadagan edildi

2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Italiýanyň maliýe paýtagty hasaplanýan Milan şäherinde jemgyýetçilik ýerlerinde we köçelerde çilim çekmek gadagan edildi. Bu barada “Euronews” teleýaýlymy habar berýär.

Täze düzgün şäheriň howasynyň hilini gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Gadaganlyk ähli jemgyýetçilik ýerlerini hem-de köçeleri öz içine alýar. Çilim çekmek üçin ýörite zolaklar dörediler we şol ýerde hem çilim çekýän golaýyndaky adamlarda azyndan 10 metr daşrakda bolmalydyr.

Täze düzgüne görä, düzgün bozujylar 40-dan 230 ýewro çenli jerime çekerler.

Bu gadaganlyk 2021-nji ýylda ýola goýlan başlangyjyň çäklerinde soňky ädim boldy. Ilkibaşda, seýilgählerde, çagalaryň oýun meýdançalarynda, awtobus duralgalarynda we sport desgalarynda çilim çekmek gadagan edilipdi.

 

Related posts

Türkmenistan bilen Germaniýa saglyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny berkider

Stambulda Mart aýy biletleri : Pandemiýadan öňki biletleriň pulyny almak

Iňňe taryh bolýar: 3D görnüşinde çap edilen sanjym ýasaldy

Ata Watan Eserleri