SPORT

Çempionlar ligasy: “PSŽ” “Realy” ýeňdi

Futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen UEFA Çempionlar Ligasynda 2 aýlyk arakesmeden soň täzeden başlady. Onda-da ilkinji duşuşyklar aýratyn tapawutlandy.

FARNSIÝADA MBAPPE BAR

Messili, Neýmarly we Mbappeli Fransiýanyň “PSŽ” topary Ispaniýanyň ägirdi “Real Madrid” toparyny kabul etdi. Fransuz toparynyň üstünliginde geçen duşuşyk Lionel Messi üçin erbet boldy. Ol duşuşygyň 62-nji minutynda 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanyp bilmedi.

Ýöne Messiniň gynanmagyna Kilian Mbappe ýol bermedi. Ol duşuşygyň 90+4-nji minutynda gol geçirip, “Real Madrid” toparyny 1:0 hasabynda ýeňmäge mümkinçilik berdi.

Ýöne entek bu duşuşyk tamamlanmady. Toparlar 9-njy martda “Real Madrid” toparynyň meýdançasynda duşuşar. Şol duşuşygyň netijesinde, çärýek finala çykan topar belli bolar.

“MANÇESTER SITI” ÇARÝEK FINALDA DUÝSEK BOLAR

UEFA Çempionlar Ligasynda geçirilen beýleki duşuşykda Angliýanyň “Mançester Siti” topary garşydaşy Portugaliýanyň “Sporting” toparyny 5:0 hasabynda ýeňdi. “Siti” eýýäm çärýek finalda diýsek ýalňyşmarys.

Bu duşuşyk “Sportin” toparynyň meýdançasynda geçirildi. “Mançester Siti” toparynyň myhmançylykda 5 gol geçirmegi, bu duşuşugyň ýeňijisiniň belledigini görkezýär.

“Mançester Siti” toparynda Riýad Mahrez, Bernardo Silwa (2), Filip foden we Rahim Sterling tapawutlandy.

 

Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezildi

Ýene-de okaň

Ronaldo dünýäniň iň köp girdeji gazanýan türgeni

“Bloomberg”: Messi Ronaldodan ýarym ýyl soňra milliarder boldy

Bütindünýä welosiped güni: köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçiriler

Ronaldo Saud Arabystanynyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

“Aston Willa” taryhynda ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

Eýranyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna Antalyada taýýarlanýar

Ata Watan Eserleri