SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BAE Türkiýäni “COVID-19” karantin sanawyndan aýyrdy

Birleşen Arap Emirlikleri “COVID-19” koronawirus ýokanjy döwründe Abu-Dabi şäherine gelinende karantin talap edýän ýurtlaryň sanawyndan Türkiýe Respublikasy çykaryldy.

Türkiýäniň Abu Dabidäki ilçihanasy COVID-19-a garşy öňüni alyş çäreleriniň çäginde BAE tarapyndan amala aşyrylan syýahat sanawyny täzeländigini habar berdi.

“BAE-niň hökümeti tarapyndan 15-nji fewralda Abu Dabä syýahat etmek üçin karantin talaplaryny ýatyran Türkiýe ýaly ýurtlaryň bir toparynyň “Ýaşyl sanaw” sanawyna goşuldy” – diýlip beýanatda bellenilip geçilýär.

Beýanatda Türkiýeden Abu-Dabä syýahat etjek adamlardan uçuşdan 48 sagat öň negatiw PSR synagynyň netijenamasyny almagynyň zerur bolup durýandygy we bu ýurda barandan soňra hem bu synagynyň dowam etjekdigi bellenildi.

Türkiýeden Abu-Dabä gelýän ýolagçylaryň arasynda COVID-19-a garşy 2 doza sanjym alanlaryň 6-njy günde  PSR synagyndan geçiriljekdigini we sanjymlary doly tamamlanmadyklaryň bolsa,  6-njy we 9-njy günde synagdan geçiriljekdigi bellenildi.

BAE-niň hökümeti 2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Türkiýe ýaly käbir ýurtlary “Ýaşyl sanaw” sanawyndan çykarypdy.

Şeýle hem şu ýerde bellemeli zatlaryň biri hem Türkmenistan BAE-niň “Ýaşyl sanaw” sanawyndan ozaldan bäri bar. Bu sanaw BAE syýahat etmek isleýän döwletleriň raýatlaryna giň mümkinçilikler döredýär.

Niderlandlar koronawirus çäklendirmelerini ýatyrýar

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar

4 aýda Özbegistana 4 milliondan gowrak syýahatçy geldi

“RŽD” Türkmenistana bolan syýahatçylyk ugurlaryna gyzyklanma bildirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurta uçuşlary 3-nji terminaldan ýerine ýetiriler

Azerbaýjan bilen Gazagystan bilelikdäki syýahatçylyk kompaniýasyny döretdi