DÜNÝÄSYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Pariždäki “Disneyland” kem-kemden açylar

Fransiýanyň meşhur güýmenje merkezi bolan “Disneyland” 15-nji iýulda açyljakdygy habar berildi. Dünýäniň köp ýurtlarynda hereket edýän “Disneyland” seýilgähi koronawirus epidemiýasy sebäpli 3 aýa golaý wagt ýapyk boldy. Emma muňa garamazdan, ýapyk äpet seýilgähleriň kem-kemden 15-nji iýulda ulanylmaga beriljekdigi mälim edildi. Pariž şäherinde ýerleşýän “Disneyland” seýilgähine her ýylda 1 milliondan gowrak syýahatçy gelýär. Indi hemmeleriň hususan-da körpeleriň küýsegine öwrülen bu seýilgäh ýene-de sanlyja günden açylýandygy baradaky habar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen dünýäniň dürli künjeklerine baryp ýetdi. Onuň açylmagy hem ýene-de bir şatlykly habarlaryň birine öwrüldi.

Related posts

Pakistanyň ýolbaşçy düzümi Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär

Koronawirusa garşy tabletkalar tassyklandy

Ata Watan Eserleri

Stambul-Türkmenbaşy-Stambul uçar gatnawy amala aşyryldy