DÜNÝÄ

Milli Liderimiz Türkiýäniň Prezidentine tiz wagtda sagalmagyny arzuw etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana hat iberdi we türk Lideriniň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda “Gujur-gaýratyňyz we güýçli erkiňiz bilen Siziň bu keseli gysga wagtda ýeňip geçjekdigiňize berk ynanýaryn” diýip belledi we durmuşyň şu agyr günlerinde hemmetaraplaýyn goldamaga we zerur bolan halatynda ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.

“Gadyrly doganym, Size we maşgalaňyza tiz wagtda sagalmagyňyzy tüýs ýürekden arzuw edýärin hem-de Beýik Biribardan size berk jan saglyk, uzak ömür dileg edýärin” diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň we maşgalasynyň iberen hatynda nygtalýar.

 

Prezident Ärdogan koronawirus ýokanjy bilen keselledi

Related posts

Kemeronyň ilkinji sapary: Duşanbe-London uçar gatnawlary ýola goýlar

Türkmen-owgan serhedinde galla terminaly gurlar

Indi BAE üçin bäş ýyllyk wiza berler

vepa