DÜNÝÄ

«Turkish Airlinesiň» ozalky wise-prezidenti özbek kompaniýasynda orunbasar bolup işläp başlady

«Turkish Airlines» kompaniýasynyň ozalky wise-prezidenti Orhan Sirwikaýa «Uzbekistan Airways» kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinde işläp başlady.

Bu barada kompaniýanyň 18-nji iýunda geçirilen ýygnagynda habar berildi. Ýygnakda kompaniýanyň ýolbaşçy düzümine türkiýeli orunbasar tanyşdyryldy. Onuň «Turkish Airlinesdäki» baý tejribesi özbek awisiýasyny kämilleşdirmäge ýardam berer diýip, maslahatda aýdyldy.

Orhan Siwrikaýa «Uzbekistan Airways» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen şertnama baglaşyp, wezipesine girişdi.

Related posts

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy bilen duşuşdy

“Oskar” baýrakly aktrisa aradan çykdy