JEMGYÝET

Merkezi Aziýa döwletleriniň Konsultatiw duşuşygy “Awazada” geçiriler

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň awgusta aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda meýilleşdirilen halkara çärelere görülýän taýýarlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, 6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçiriler.

Hasabatdan görnüşi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde birnäçe forumlar, sergiler we ikitaraplaýyn duşuşyklar göz öňünde tutulýar. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

AWAZADA 6 SANY IRI HALKARA ÇÄRE GURALAR

  • Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy
  • Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň diýalogynyň birinji forumy
  • Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy
  • Merkezi Aziýa döwletleriniň halkara sergisi
  • Merkezi Aziýa döwletleriniň tagamlarynyň sergisi
  • Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet we  sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti

HALKARA SERGI GURALAR

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenbaşy halkara deňiz portuna degişli 9620 inedördül metr meýdanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisi guralar. Sergide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümlerini ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

ulag we kommunikasiýa toplumy tarapyndan forumlara gatnaşjak daşary ýurtly myhmanlary aragatnaşyk hyzmatlary we ýokary tizlikli internet hyzmatlary hem-de ulag serişdeleri bilen üpjün etmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Stambuldan Türkmenabada ýörite uçar gatnawy

 

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar