MEDENIÝET

Media we maglumat sowatlylygy boýunça okuw geçiriler

Media we maglumat sowatlylygy boýunça okuw geçiriler. Bu maksatnama gatnaşmak üçin žurnalistler, redaktorlar, mugallymlar, media bilermenleri, prodýuserler, SMM hünärmenleri, media döredijileri we gyzyklanýan beýleki ähli taraplar çagyrylýar. Bu barada ABŞ-nyň ilçihanasy habar berýär.
Türkmenistanyň welaýatlaryndan ýazylýanlara artykmaçlyk berler. Guramaçylar, okuw döwründe gatnaşyjylaryň syýahat, ýaşamak we nahar çykdajylaryny ýaparlar.

Okuw 2024-nji ýylyň 2-nji aprelinden 4-nji apreline çenli Aşgabatda geçiriler.

Gatnaşyjylaryň isleglerine gönükdirilen gün tertibi döretmek we amatly logistika şertleri bilen üpjün etmek üçin, tejribäňiz, bilim derejäňiz we höwesiňiz baradaky soraglara mümkin boldugyça açyk we jikme-jik jogap bermegiňizi haýyş edýäris.

Üç günlük okuwyň dowamynda gatnaşyjylar media we maglumat sowatlylygy we faktçeking boýunça esasy başarnyklary edinerler. Iň tapawutlanan 15 uçurym 2024-nji ýylyň iýulynda Stambulda meýilleşdirilýän media we maglumat sowatlylygy we faktçeking boýunça dört günlük tälimçiler üçin okuwlara (ToT) çagyrylarlar.

Taslamanyň maksady – tälimçileriň bilermen jemgyýetini döretmegiň we olaryň ýurduň ähli welaýatlarynda okuwlary geçirmekleriniň üsti bilen Türkmenistanda media we maglymat sowatlylygyny ösdürmek.

Guramaçylar, alnan maglumatlaryň diňe şu taslamanyň çärelerini taýýarlamak üçin ulanyljakdygyna we üçünji taraplara geçirilmejekdigine kepil geçýär.

Guramaçylar: ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Ykdysatçylar Birleşmesi bilen hyzmatdaşlykda “MediaNet” Halkara žurnalistika merkezi, “Factcheck.kz” (Gazagystan).

Anketany doldurmak üçin soňky möhlet: 2024-nji ýylyň 24-nji ýanwary.

Goşmaça maglumat üçin: usembassy-ashgabat-pas@state.gov

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy