MEDENIÝET

Azerbaýjanda hindi kinosy surata düşürilýär

Meşhur hindi režissýory Magiž Tirumeni Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde “Erjellik” (“Widaa Muýarçi”) filmini suarat düşürýär. 2024-nji ýylda ekranlara çykjak hindi kinosynyň Baku şäherindäki surata düşüriliş pursatlar Azerbaýjanyň ýaşaýjylarynyň jemgyýetçilik torlarynda uly orun aldy.

Azerbaýjanyň metbugatynyň habar bermegine görä, bu filmiň baş gahrymanlarynyň biri Ajit Kumardyr. 52 ýaşyndaky bu aktýor 41 filmde surata düşdi. Şeýle hem Kumaryň hindi muşdaklary Azerbaýjandaky surata düşüriliş pursatlaryna uly gyzyklanma bildirýärler.

Bu kinonyň Azerbaýjanyň bölüminiň surata düşürilişi oktýabr aýynd abaşlap, ýene-de 70 gün dowam eder.

Täze film 2024-nji ýylda Hindistanyň “Diwali” festiwalynyň geçirilýän günlerine görkeziler.

Ýene-de okaň

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär