JEMGYÝET

Kononenko kosmosdan Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Häzirki wagtda Halkara kosmos stansiýasynda iş alyp barýan Türkmenistanyň Gahrymany, kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Halkara kosmos stansiýasyndan öz gutlagyny ýollan Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Ol nobatdaky kosmos ekspedisiýasynda Türkmenistanyň baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň suratyny hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurlan ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheri baradaky kitaby ýany bilen Halkara kosmos stansiýasyna alyp gelendigini belledi.

Türkmenistanyň kosmos pudagynyň ösüşine öz goşandyny goşmaga taýýardygyny bellän Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidentine kosmos ulgamyna berýän goldawy üçin hoşallygyny bildirdi.

Şeýle hem Oleg Kononenko Türkmenistanda doglandygy üçin hem özüni bagtly duýýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy