TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanyň wekiliýeti “Kazan Digital Week 2023” forumyna gatnaşdy

2023-nji ýylyň 20-22-nji sentýabrynda Kazanda “Kazan Digital Week 2023” atly halkara forum geçirildi. Çäre “Kazan Expo” atly halkara sergi merkezinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy habar berýär.

“Kazan Expo” sergi merkeziniň çäginde geçirilen bu forum sanly tehnologiýalary öndürijiler bilen ulanyjylaryň arasynda ylmy we tehniki maglumatlary alyşmak üçin täsirli platforma hökmünde çykyş etdi.

Bu forumda Türkmenistanyň wekiliýetini “Altyn Asyr” ÝGPJ-niň müdiriniň orunbasary we “Aşgabat şäher telefon ulgamy” AŞTU-nyň baş müdiriniň orunbasary hödürlediler.

Forum aşakdaky tematiki ugurlarda geçirildi: “Intellektual ulag ulgamlary”; “Täze döwürleriň kiberhowpsuzlygy”; “Finteks ekosistemasy”; “Işewürlige birleşdirilen innowasiýa”; “Sanly senagat 4.0”; “Döwlet dolandyryşynda sanly tehnologiýalar”; “Bilimde sanly tehnologiýalar”; “Medeniýetde sanly tehnologiýalar”; “Saglygy goraýyşda we lukmançylykda sanly tehnologiýalar”; “Oba hojalygynda sanly tehnologiýalar”.

Forumyň dowamynda “Kazan Ekspo” ýokary tehnologiýaly taslamalaryň, programma üpjünçiliginiň, enjamlar we programma üpjünçiliginiň toplumlarynyň, tehnologiýa we enjamlaryň işleýän modelleriniň sergisi hem geçirildi.

Forumda 31 ýurtdan bäş ýarym müňden gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi