JEMGYÝET

«Gerkules» multfilmi täzeden dörediler

Disneý studiýasynyň iň şowly çykan multfilmleriniň biri hasaplanýan «Gerkules» Russo Doganlar tarapyndan täzeden dörediler. Soňky ýyllarda Disneý öňki döreden multfilmleri täzeden ýokary hilli döretmegiň işine başlady. 1997-nji ýylda düşürilen bu multfilm gadymy grek rowaýaty esasynda döredilen. «Gerkules» multfilminiň täzeden düşüriljekdigi baradaky habar ýer ýüzüne ýaýrady. Bu habar esasan hem teatr işgärlerini has içgin gyzyklandyrdy. Çünki bu multfilm ençeme çagalaryň aňyna ornap, körpeleriň köňül küýsegine öwrülipdi. Şonuň üçin hem bu multfilmiň täzeden döredilmegi, belki-de çagalary has-da begendirip biler. Bu multfilmiň ýaýlyma görkeziliş senesi heniz doly mälim edilmedi.

Related posts

Türkmenistanda 2025-nji ýylda geçiriljek halkara çäreler

Türkmen-Türk okulunda Kadınlar günü kutlandı

vepa

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň duşuşygy