TEHNOLOGIÝA

Emeli aň suratdan naharyň kaloriýasyny kesgitlär

Waterloo uniwersitetiniň alymlary tabakdaky naharyň suratyny seljerip bilýän emeli aň ulgamyny işläp düzdüler. Bu barada “TechXplore” neşiri habar berýär.

Emeli aň suratyň reňkini, çuňlugyny we beýleki görkezijileri seljerýär we şoňa görä-de tagamyň iýmit gymmatlygy barada maglumat berýär. Seljermäniň netijesinde emele gelýän görkezijileriň takyklygynyň 95 göterime deňdigi bellenilip geçilýär.

Alymlaryň aýtmagyna görä, bu tehnologiýa çagalar öýünde hem-de garrylar öýünde peýdalanmak üçin işlenip düzüldi. Munuň hasabyna adalaryň umumy saglygyny gowulandyrmak göz öňünde tutulýar.

– Ulgamymyzda garrylar öýünde ýa-da çagalar öýünde ýaşaýan her bir adamyň şahsy iýmitleniş teklipleri ýerleşdirilendir. Emeli aň ulgamy her bir organizmiň talaplaryna laýyklykda, ýeterlik belok, ýag we uglewod kabul edip-etmändigini kesgitleýär – diýip, bu ulgamy döreden alymlar toparynyň ýolbaşçysy Kaýlen Pfisterer gürrüň berdi.

 

Smartfon bilen “Covid-19” synagy

Ýene-de okaň

Türkmenistan Şanhaýda geçirilýän Bütindünýä emeli aň maslahatyna gatnaşýar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy “Robototehnika” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna 5G tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi