MEDENIÝET

Duşenbede dostluk konserti geçirildi

Şu gün Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli «Kohi Borbad» döwlet toplumynda sebit ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň «Dostluk agşamy» atly konserti geçirildi. Oňa bäş döwletiň Liderleri hormatly tomaşaçy hökmünde gatnaşdylar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berdi.

Konsert maksatnamasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň halk döredijiliginiň we häzirki zaman sungatynyň özboluşlylygy hem-de milli däpleriniň dowamatlylygy şöhlelendi. Sebit döwletleriniň baýdaklary parlaýan esasy sahnada ýygnananlaryň ählisine dürli dillerde gutlaglar we arzuwlar beýan edildi. Artistler parahatçylykda we ylalaşykda ýaşaýan halklaryň dost-doganlygynyň mizemezligini beýan edýän milli aýdymdyr tanslardan aýry-aýry bölekleri ýerine ýetirdiler.

Dostluk konsertinde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň meşhur artistleri bilen birlikde, türkmen sungat ussatlary hem çykyş etdiler.

Şolaryň hatarynda meşhur aýdymçylar Gülşat Gurdowa, Zylyha Kakaýewa, Guwanç Ýazmämmedow we beýlekiler bar. «Näzli» we «Laçyn» tans toparlary hem joşgunly horeografik çykyşlary bilen konserte gatnaşyjylara ruhy lezzet paýladylar.

Yşygyň, reňkiň we sesiň sazlaşygynyň ähli mümkinçiliklerini peýdalanmaga şert döredýän innowasion tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy dostluk konsertiniň esasy aýratynlyklarynyň biri boldy.

Konsert tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlarynyň adyndan medeniýet we sungat ussatlaryna gül çemeni gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy