MEDENIÝET

Ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary Balkan welaýatynda konsert bererler

Türkmenistanyň halk artisti Gülşat Gurdowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Begmyrat Annamyradow, şeýle-de aýdymçylar Durdy Durdyýew bilen Arslan Gulmämmedow dagy Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda baýramçylyk konserti bilen çykyş ederler. Bu barada Medneiýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda geçiriljek baýramçylyk konsertinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary günbatar sebitiň ýaşaýjylary üçin özleriniň ajaýyp aýdymlary bilen çykyş ederler.

Konsertler 14:00-da, 17:00-da geçiriler.

Habarlaşmak üçin 48-96-83, 60-15-67 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

Ýene-de okaň

«Mukam» skripkaçylar toparynyň Hytaýdaky üstünligi

Türkmenistan Koreýa Respublikasynda halkara festiwala gatnaşdy

Türkmenistanyň teatr işgärleri Russiýada tejribe alyş okuw hepdeligine gatnaşdy

Türkmenistanly ýaş şahyrlar TÜRKSOÝ-yň baýragyna mynasyp boldy

Türkmen döwlet neşirýat gullugy üçin täze tehnikalar satyn alnar

Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleri