MEDENIÝET

Täze ýyl mynasybetli Ahal welaýatynda baýramçylyk konserti geçiriler

2023-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçiriler. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi

Täze ýyl baýramçylygyny şatlykly garşylamak maksady bilen geçiriljek baýramçylyk konsertinde Türkmenistanyň halk artistleri Sahydursun Hojakowa, Annaguly Myratdurdyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Nurýagdy Rejepow, şeýle-de aýdymçy Baýram Nobatow dagy halk köpçüliginiň ýüreginde orun alan ajaýyp aýdymlary bilen, şeýle-de özleriniň täze döreden aýdymlary bilen çykyş ederler.

Baýramçylyk konsertleri 14:00-da, 17:00-da geçiriler.

Habarlaşmak üçin 48-96-83, 60-15-67 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

Related posts

Dueýn Jonson – pälwan we aktýor

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Howa maglumaty: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar