JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergew Lawrowyň arasyndaduşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk Russiýanyň Moskwa şäherinde geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň öňüsyrasynda amala aşyryldy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Sergeý Lawrow bilen Raşid Meredowyň arasyndaky duşuşyk Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda amala aşyryldy. Duşuşykda çykyş eden Sergeý Lawrow köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin gelen Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, ertir Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirjekdiklerini belledi.

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň tagallalaryna laýyklykda,  ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilýändiginiň şaýadyk bolýandyklaryny bellän Sergeý Lawrow: “Biziň strategik hyzmatdaşlygymyza ýokary baha berýäris. Hökümetara topary okgunly iş alyp barýar, Onuň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen baglylykda, işewürler forumy geçiriler. Ol hem peýdalydyr” – diýip, belledi.

Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy medeni we bilim ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmäge taýaýrdyklaryny belläp, türkmen-rus uniwersitetini döretmek, Rus döwlet drama teatrynyň täze binasyny gurmak boýunça işler alnyp barylýandygyny belläp geçdi. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyklar üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirildi.

Şeýle hem Lawrow halkara meýdançalardaky hyzmatdaşlyklar barada hem durup geçip, BMG, Hazar bäşlisi we beýleki köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini mälim etdi.

Lawrow 11-nji dekabrda Bitaraplygyň dostlar toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini belläp, muňa rus tarapynyň mynasyp derejede wekilçilik etjekdigini belledi.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri