JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: 7-nji iýulyň duşuşygy

Ýewropa çempionatynda Italiýanyň ýygyndysy ilkinji finalçy boldy. Şu gün Angliýanyň hem-de Daniýanyň ýygyndylary duşuşar. Şol duşuşygyň netijesinde ikinji finalçy hem mälim ediler.

DUŞUŞYGYŇ WAGTY

SAGAT 00:00  ANGLIÝA – DANIÝA

Angliýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatynda geçiren ähli duşuşyklarynda öz derwezesine gol geçirtmedik ilkinji milli ýygyndy boldy.

Angliýa üçin şu gezekk Ýewropa çempionaty şowly geçýär.

Daniýanyň ýygyndysy bolsa şowsuz başlan Ýewropa çempioantynda soňradan netijeli oýunlar görkezip, 1992-nji ýyldan soňra ilkinji gezek ýarym finala çykdy.

Daniýanyň ýygyndysy 1992-nji ýylda Ýewropanyň çempiony bolupdy. Bu gezek hem olara şol üstünligi gazanmak başardarmyka? Ony şu günki oýun mälim eder.

 

Ýewro-2020: Italiýa ilkinji finalçy

 

Related posts

Lempard “Ewerton” toparyna tälim berer

Ata Watan Eserleri

BAE-niň ilçisi: BAE Türkmenistanyň iň uly dördünji söwda hyzmatdaşy

Ata Watan Eserleri

Ýatda galan transfer täzelikleri…