MEDENIÝET

ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglumatlar tehnologiýalary boýunça institutynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu çäre Daşary işler ministrliginiň howandarlygynda guraldy.

Bilim, ylym, innowasion tehnologiýalar, taryhy we binagärlik ýadygärliklerini goramak hem-de dikeltmek ugurlary we beýleki meseleler boýunça ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunda geljegi uly ylym we bilim taslamalaryny durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu iş häzirki zaman tehnologiýalaryna, sanly bilimlere, öňdebaryjy tehnologiýalara, umuman, ylmyň we bilimiň innowasion ösüşine esaslanýan adam kuwwatyny yzygiderli artdyrmaga gönükdirilendir.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň barşynda ÝUNESKO-nyň wekilleri ylmyň we tehnologiýalaryň arasyndaky baglanyşdyryjy ulgam hökmünde bilimiň wajypdygyny belläp, türkmen tarapyny sanly tehnologiýalar bilen baglanyşykly geljegi uly taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyrdylar. Duşuşygyň çäklerinde möhüm ähmiýete eýe bolan strategik ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygy biragyzdan bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmen filmleri “Turan” film festiwalynda görkezildi

Azerbaýjanly opera aýdymçylary Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň gala konsertinde çykyş etdiler

Weli Muhadowyň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

TÜRKSOÝ Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanan 3 tomluk neşir taýýarlaýar

Ata Watan Eserleri

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri