MEDENIÝET

Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl baýramçylygy çykyşlaryny hödürleýär

Hormatly watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Ganatly bedewler» atly täze sahnalaşdyrlan sirk çykyşyny size hödürleýär. Bu barada sirkiň resmi saýtynda habar berilýär.

Çykyşlaryň dowamynda türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparynyň, Hindistanyň şadyýan maýmynjyklarynyň, Mongoliýa döwletiniň “Baktrial” iki örküçli düýeleriniň, Germaniýanyň “Pudel” güjüjikleriniň, Hindistanyň “Tawus” guşunyň, Şotlandiýanyň “Poni” atlarynyň, masgarabazdyr akrobatlaryň, howa gimnastlarynyň, ekwelibristleriň we žanglýorlaryň, erkin ýagdaýda tälim berlen atlaryň we täze ýyl baýramçylygy mynasybetli gelen myhmanlarymyz Aýazbaba bilen Garpamygyň täsin özüne çekiji jadyly çykyşlaryny görüp bilersiňiz.

Sirk çykyşlar 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 20-den 2026-nji ýylyň 11-nji ýanwar aralygynda hepdäniň ähli günlerinde dowam eder.

Related posts

Aşgabatda Geýdar Alyýewiň 100 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

Ata Watan Eserleri

“Meniň baýramym” atly bäsleşik

Makalalaryňyz üçin biz bilen Habarlaşmak

Ata Watan Eserleri