SPORT

Şumaher “Formula-1”-iň taryhynda iň köp girdeji gazanan türgen boldy

Nemes awtoulag türgeni Mihael Şumaher “Racing News 365” neşirine görä, “Formula-1” ýaryşlarynyň taryhynda iň köp girdeji gazanan türgenleriň sanawynda birinji orny eýeledi.

Ýedi gezek dünýä çempiony we 91 ýaryşda ýeňiş gazanan Şumaheriň umumy baýlygy 790 million ABŞ dollary diýlip bahalandyrylýar.

Ikinji orunda ýene bir ýedi gezek dünýä çempiony bolan britaniýaly Luis Hamilton ýerleşýär — 304 million dollar.

Sanawyň üçünji basgançagynda Fernando Alonso bar — 264 million dollar. Ispaniýaly sürüji “Korollyk ýaryşlaryň” iki gezek dünýä çempionydyr.

Finlandiýaly dünýä çempiony Kimi Raýkkonen dördünji orny eýeleýär. Onuň baýlygy 254 million dollar diýlip bahalandyryldy.

Ilkinji bäşligi 2019-njy ýylda aradan çykan awstriýaly Niki Lauda jemleýär. Üç gezek dünýä çempionynyň baýlygy 203 million dollar diýlip hasaplanylýar.

Ýene-de okaň

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina 1/4 finala çykdy

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri