SPORT

Ronaldo Ýakyn Gündogaryň ýylyň iň gowy futbolçysy boldy

“Al-Nasr” klubynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo Dubaý şäherinde häzirki wagtda geçirilýän “Globe Soccer Awards” baýrak gowşurylyş dabarasynda Ýakyn Gündogaryň ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi.

Bu baýrak üçin şeýle hem Karim Benzema (“Al-Ittihad”), Salem Al-Dosari (“Al-Hilal”) we Riýad Mahrez (“Al-Ahli”) dalaşgär boldular.

Belläp geçsek, Ronaldo bu ugurda yzly-yzyna üçünji ýyl ýeňiji bolýar.

2025-nji ýylda Ronaldo “Al-Nasr” kluby we Portugaliýanyň milli ýygyndy topary üçin ähli ýaryşlarda jemi 40 gol geçirdi.

Related posts

Türkmen futbol toparlary AFK-nyň kubogynda bu ýyl aýry-aýry toparçalarda ýaryşar

Aziýanyň Kubogy gyzykly duşuşyklar bilen dowam edýär

“Barselona”-nyň taryhynda ilkinji gezek: Stadionyň ady üýtgedildi

Ata Watan Eserleri