BIZNES

Dünýäniň iň gymmat banknotydy

10 müň amerikan dollary öz döwründe dünýäde iň gymmat banknotdy. Ol 1934-nji ýyldan 1969-njy ýyla çenli hereket etdi.

Şondan soň ulanyşdan galan bu banknotuň häzir nusgasyny tapmak hem aňsat däl. Käbir kolleksionerler ony öz gaznasyna goşmak üçin öz mukdaryndan iki esse kän serişdäni sarp etmäge hem taýýar.

Banknotda «In God We Trust» ýazgysy bar. Aýdylyşyna görä, bu ýazgy 1864-nji ýyllardaky pullara şol döwrüň maliýe ministri Selmon Çeýz tarapyndan girizilen ekeni. Ilki 2 sentlik şaýy pullarda ýerleşdirilen bu ýazgy 1957-nji ýyldan başlap, kagyz pullara hem geçirilipdir.

 

Otly gatnawlary barada täzelik

 

 

Related posts

Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumynda täze jaýlar

vepa

Türkmenistanda bank kartlarynyň möçberi 4,2 million

Dr.Döwran Orazgylyjov

Uluslararası Aral’ı Kurtarma Fonu Zirvesi sona erdi

vepa