MEDENIÝET

Rus sahna ussatlarynyň Türkmenistana saparyna garaşylýar

Russiýanyň akademiki ýaşlar teatrynyň döredileniniň 100-nji ýylynda Türkmenistanda döredijilik saparynda bolmagyna garaşylýar. Rus teatr ussatlarynyň ýurdumyzdaky çykyşlarynyň maý aýynda ýaýbaňlandyrylmagy mümkin.

Pskov.ru saýtynyň ýurduň medeniýet ministriniň orunbasary All Manilowanyň sözlerine salgylanyp berýän habaryna görä, rus teatrynyň Türkmenistana sapary «Uly syýahat» atly taslamanyň çäklerinde guralar.

Bu ýyl taslama Russiýanyň teatrlarynyň 250-si we döredijilik toparlarynyň 28-si gatnaşýar. Eýýäm olar 500 nokatdan sargyt aldylar. Munuň özi taslamanyň taryhyndaky rekord derejedir.

Russiýanyň akademiki ýaşlar teatry maý aýynda Türkmenistandan daşary Günorta Osetiýada hem döredijilik saparynda bolmagy meýilleşdirýär.

 

«Alibabanyň» paýnamalary gymmatlady

 

 

Ýene-de okaň

TÜRKSOÝ Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanan 3 tomluk neşir taýýarlaýar

Ata Watan Eserleri

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans topary Türkiýedäki festiwala gatnaşdy

Dünýäniň iň garry gorillasy 69 ýaşady

Konkur boýunça gyzgalaňly ýaryş geçirildi