BILIM

Türkmen talyplary Belarusda sergi guradylar

Belarus Respublikasynyň Orşa etrabynda «Güýç agzybirlikde, agzybirlik dünýäde!» atly ýaşlaryň maslahaty we festiwaly geçirildi. Bu barada vitbichi.by Internet saýty habar berýär.

Orşa lukmançylyk kolležinde geçirilen dabaralaryň çäginde Belarusda okaýan türkmenistanly talyplar döredijilik we el işlerini sergisini hem ýaýbaňlandyrdylar. Ýeri gelende aýtsak, biziň ildeşlerimiziň birnäçesi bu kolležiň talyplarydyr.

Türkmen we belarus halklarynyň dostlugyna bagyşlanan sergide milli lybaslar, halk döredijiligi eserleri, el senetçiliginiň görnüşleri we beýleki gymmatlyklar görkezildi. Türkmen talyplarynyň türkmen we belarus dillerinde ýerine ýetiren aýdymlary, oýnan tanslary has-da täsirli boldy diýip, neşir ýazýar.

 

Çempionlar ligasynda ýarym finalçylar belli boldy

 

 

 

Related posts

Pars dili kurslarynyň gyşky möwsümi üçin ýazylyşyk

Türkmenistan bilen Hytaý bilim ulgamynda talyp hakly ýerler boýunça hyzmatdaşlyk eder

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar