BILIM

Açyk Gapylar: Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi 2021 — 2022-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta mekdepleriň we başlangyç hünärment mekdepleriň uçurymlaryny, harby bölümleriň esgerlerini, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlary şu ýylyň 24-nji aprelinde we 15-nji maýynda geçiriljek «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

Bu çärä gatnaşan ýaşlara mekdepde okuwlaryň guralyşy, okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeniköpçülikleýin işler hem-de talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin maglumatlar berler.

“Açyk gapylar” güni görkezilen salgyda sagat 14:00-da başlanýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje şaýolunyň 10-njy jaýy. Telefonlar: 28-14-56; 28-20-04; 28-07-7

 

Gülgüne Aýy gördüňizmi?  

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary Halkara himiýa olimpiadasynda 4 medal gazandy

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň bilim ministrleri Tbiliside duşuşdy

Türkmen okuwçylary Singapurdaky halkara olimpiadada 6 medal gazandylar

Türkmen okuwçylary Bakuda geçirilen «TIMO 2026» halkara olimpiadasyna gatnaşdy

2026-njy ýylda ýokary okuw mekdeplerine 18 müňden gowrak adam talyplyga kabul ediler