DÜNÝÄ

Dünýäniň iň garry erkek ýaşaýjysy

Dünýäniň iň garry erkek ýaşaýjysy derejesine 112 ýaşly brazil Žoao Marinýo Neto eýe boldy. Ol Beýin Britaniýanyň raýaty Jon Tinniswudyň aradan çykmagy bilen bu derejäni aldy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär.

Maglumatlara görä, 2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda brazil raýaty 112 ýyl 57 gün boldy. Ol 1912-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda dünýä indi. Mundan ozal, ol Braziliýanyň we Latyn Amerikasy yklymynyň iň garry ýaşaýjysydy.

Žoao fermer maşgalasynda dünýä indi, ol çagalykdan kakasyna kömek edip, mallary bakyp, agaçlardaky miweleri ýygyp ulalypdyr. Onuň ilkinji nikasyndan 4, soňra ikinji gezek öýlenip, ýene-de 3 çagasy dünýä indi.

Dünýäniň iň ýaşuly erkeginiň 22 agtygy, 15 çowlugy we 3 ýuwlygy bar. Ol kakasynyň fermerlik işini dowam etdirip, mekjejöwen we däneli ekinleri ýetişdiripdir, şeýle hem maldarçylyk bilen meşgullanypdyr. Ol özüniň uzak ýaşamagynyň syryny daş-töweregini gurşap alan gowy adamlar bilen baglanyşdyrýar.

Häzirki wagtda dünýäniň iň ýaşuly zenany ýaponiýaly Tomiko Itookadyr we ol 116 ýaşynda.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleriniň Wena sapary

Aşgabatda Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligi geçirilýär

Türkmenistanyň daşary işler ministri Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

Nadir Alparslan: Türkiýe we Türkmenistan Ýüpek ýoluny dikeldýärler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Ösüş boýunça ylym we tehnika komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

Wengriýada Orban döwri tamamlandy: täze Premýer-ministr Peter Madýar boldy