Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesi türkmen halkynyň ýüregine ýakyn, ruhy dünýäsi bilen gönüden-göni baglanyşykly mukaddes baýramlarynyň biri – Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilýär. Bu baýramyň ähmiýeti diňe bir türkmeniň baý atçylyk däpleriniň şöhratlanmagy bilen çäklenmän, eýsem, onuň milli mertebesiniň, özboluşly medeniýetiniň, ýürekden çykýan buýsanjynyň dabaralanmagydyr. Türkmen halkynyň taryhynyň dowamynda ýüze çykan gymmatlyklaryň biri ahalteke bedewidir. Ol diňe bir bedew däl – ol halkymyzyň ruhy kuwwatynyň, söweşde mertliginiň, durmuşda sabyrlylygynyň we ýüregindäki gözelliginiň janly keşbidir. Ahalteke bedewi müňýyllyklaryň dowamynda türkmeniň hemrasyna öwrülipdir. Gadymdan bäri türkmen halkynyň baýlygy we buýsanjy, batyr serkerdeleriniň dosty, şahyrlarynyň ylham çeşmesi bolup gelen bu bedew, häzirki wagtda Türkmenistanyň döwlet nyşanynda şöhlenenýän derejesine ýetdi. Onuň bir ajaýyp hem-de kämil keşbi, çalasynlygy hem-de çydamlylygy bilen dünýäde deňi-taýy ýok tohum hökmünde ykrar edilýär. Ahalteke bedewleriniň gözelligi hakynda dünýäniň meşhur heýkeltaraşlary, suratkeşleri, alymlary köpsanly eserleri,goşgulary döredipdir. Taryhy çeşmelerde we ýazuwly ýatlamalarda, şol sanda gadymy grek we pars ýazgylarynda türkmen bedewleriniň şöhraty uzakdan ýaňlanypdyr. Patyşalaryň, hökümdarlaryň hem-de görnükli syýasy liderleriň bu bedewlere bolan söýgüsi onuň diňe bir söweş üçin däl-de, belentlik, mertebe, gudrat we ruhy güýç bilen baglanyşykly hasaplanýandygynyň güwäsidir.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän çäreler diňe bir dabaraly baýramçylyk bilen çäklenmän, eýsem, bu baýramyň çäginde ahalteke atlarynyň gözellik we tizlik boýunça bäsleşikleri, halkara derejedäki atly sport ýaryşlary, döredijilik sergileri, alymlar bilen duşuşyklar, bedew sungaty bilen baglanyşykly ylmy maslahatlar, şol sanda ýaş seýisleriň taýýarlygyna gönükdirilen okuw sapaklary hem geçirilýär. Bu çäreler halkymyzyň atçylyk sungatyna bolan çuňňur hormatyny, geljek nesiller üçin bu gymmatlyklaryň geçirilmeginiň ähmiýetini açyp görkezýär. Şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy dünýäniň dürli künjeklerinden gelen myhmanlaryň gatnaşmagynda halkara derejedäki baýramçylyk derejesinde geçirilýär. Myhmanlar türkmen topragynda döredilen bu tohumyň aýratynlyklaryna haýran galyp, onuň dünýä atçylyk medeniýetindäki ornuny ykrar edýärler.
Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ahalteke atlaryna berilýän sarpa we ideg döwlet derejesinde guralýar. Bedewlere ýörite gözegçilik edýän döwlet edaralary, ylmy merkezler, muzeýler döredilýär. Akylly şäherimiz bolan Arkadag şäherinde Göroglynyň adyny göterýän döwlet atçylyk sirkiniň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň esaslandyrylmagy türkmen jemgyýetinde atçylyga bolan söýgüsiniň we sylagynyň uludygyny subut edýär.
2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy esasynda döredilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem bütindünýäde türkmen halkynyň gadymydan gelýän atçylyk sungatynyň kämilligi we özboluşlylygyny aýan etmekde uly işleri alyp barýar. Toparyň dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara, şol sanda 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara, 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde bolan Fontankadaky I halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Şeýle-de şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen sirk sungatynyň halkara festiwalynda türkmen tuguny belentde parladyp, Baş baýraga mynasyp bolmagy türkmen halkynda aýratyn bir buýsanç duýgusyny oýandyrdy.
Ahalteke tohumynyň arassalygynyň saklanylmagy, olaryň genofondunyň öwrenilmegi hem-de dünýä derejesinde tanadylmagy döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde alnyp barylýar. Şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilen halkara sergilerde, sport ýaryşlarynda türkmen bedewleriniň gatnaşmagy hem olaryň meşhurlygynyň ýyl-ýyldan artýandygynyň subutnamasydyr.
Türkmen bedewiniň milli baýramy diňe bir at baýramy däl, bu gün türkmen halkynyň geçmişine bolan hormatynyň, ruhy gymmatlyklaryna we milli mirasyna bolan belent söýgüsiniň şöhrat baýramydyr. Her bir türkmeniň ýüreginde bedew mukaddesdir. Ol halkymyzyň rowaýatlarynda, dessanlarynda, aýdymlarynda, halylarynda, sungat eserlerinde beýgelýär. Bu baýram arkaly halkymyz özüniň taryhyna, medeniýetine, döredijilik ruhuna, söýgi we sabyr bilen bezelen ata-babalarynyň ýoluna ygrarlydygyny görkezýär. Türkmen bedewi — diňe bir toprakda däl, eýsem, ruhda ýaşap gelýän mukaddeslikdir. Şonuň üçin hem Bedew baýramçylygy türkmeniň ýüreginiň sesi, ruhunyň aýnasydyr.
Läle Baýramowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymcylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy.