SPORT

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda sportuň futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bu sport çäresi 2026-njy ýylyň şygryna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» we Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gurnaldy.

Bäsleşige «Arkadag» futbol klubynyň janköýerler toparynyň agzalary we Türkiýede bilim alýan türkmen talyp ýaşlary gatnaşdy. Bu sport çäresi, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer we sport ulgamyndaky gatnaşyklarynyň berkemegine hem-de talyp ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine ýene-de bir möhüm ädim boldy.

Bäsleşige gatnaşyjylar, sport çäresiniň dowamynda diňe bir ýokary derejeli sport ukyplaryny däl, eýsem toparçylyk ruhuny hem görkezdiler. Bäsleşik jemleýji duşuşyk bilen tamamlanyp, oňa gatnaşan tomaşaçylarda täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda, ähli gatnaşyjylara Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň adyndan sowgatlary gowşuryldy.

Ýene-de okaň

1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy Kanada boldy

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlaryna 999 futbolçy gatnaşdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy