SPORT

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

5-nji aprelde duşuşyklaryň ikisi bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 1-nji tapgyrynyň jemleri jemlendi. Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” topary “Mewri” 7:1 hasabynda ýeňlişe sezewar eden bolsa, “Aşgabat” toparyny kabul eden “Altyn Asyr” topary hem çempionaty ýeňiş (4:1) bilen başlady.

Birinji tapgyryň ilkinji duşuşyklarynda “Ahal” öz meýdanynda “Köpetdag” toparyny (5:1), “Şagadam” bolsa “Nebitçi” (1:0) toparlaryndan üstün çykmagy başarypdylar.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary 11-nji hem-de 12-nji aprelde geçiriler: “Merw” – “Nebitçi”, “Aşgabat” – “Şagadam”, “Köpetdag” – “Altyn Asyr”, “Arkadag” – “Ahal”.

1-nji tapgyryň duşuşyklary:

“Arkadag” – “Merw” – 7:1

Gollar: 21 Rahman Myratberdiýew, 25, 72 Resul Hojaýew, 40 Ilýas Çaryýew, 52 Yhlas Toýjanow, 58 Baýram Ataýew, 63 Didar Durdyýew (“Arkadag”) – 78 Awdyresul Abdyýew (“Merw”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: D.Myradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: D.Daňatarow (Änew ş.), B.Amanmämmedow (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Berenow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

“Altyn Asyr” – “Aşgabat” – 4:1

Gollar: 18 (11 m.j.u.) Mekan Aşyrow, 31 Şatlyk Gurbanow , öz derwezesine, 35 Röwşen Halmämmedow, 90+3 Hoşgeldi Hojowow (“Altyn Asyr”) – 49 Wahyt Orazsähedow (“Aşgabat”)

Duýduryşlar: 38 Mekan Aşyrow, 44 Abdyrahman Annamyradow (“Altyn Asyr”) – 16 Rahat Japarow, 25 Atageldi Geldiýew (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” (Aşgabat ş. Büzmeýin etr. )

Duşuşygyň emini: E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Kömekçi eminler: H.Amanmämmedow (Balkanabat ş.), Ş.Ýusupow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Ýene-de okaň

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy

“Akylly” şäherde futbol bäsleşigi

Saud topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy