SPORT

“Barselonanyň” 9000-nji goly

Ispaniýanyň güýçli toparlaryndan biri hasaplanýan “Barselona” toparynyň futbol taryhyndaky 9000-nji goly hasaba alyndy. Bu gol “Barselona” bilen “Wilýareal” toparlarynyň arasyndaky 34-nji tapgyryň duşuşygynda bolup geçdi.

Ony “Barselonanyň” ýaş futbolçysy Ansuman Fati öz adyna ýazdyrdy. “Barselona” topary “Wilýarealy”4:1 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşykdaky “Barselonanyň” 4-nji goly onuň taryhyndaky 9000-nji goly boldy.

Katalon topary bu duşuşykdan soňra utuk sanyny 73-e çykardy. Ispaniýanyň çempionatynyň tamamlanmagyna 4 hepde galdy. “Barselona” “Real Madrid” toparyndan 4 utuk yzda galyp, ikinji orny eýeleýär.

“Barselona” toparynyň ilkinji goly 1909-njy ýylyň 5-nji aprelinde hasaba alyndy. 111 ýyldan soňra toparyň geçiren gollarynyň sany 9000-e ýetdi.

“Barselona” toparynyň düzüminde oýnaýan argentinaly Lionel Messi 630 gol geçirip, toparyň umumy geçiren gollaryndaky paýy 7 göterime deňdir.

Ýene-de okaň

“Arsenal” 20 ýyldan soňra finala çykdy

“Inter” topary 21-nji çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Agyr atletika dünýä çempionatynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik eder

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar