SPORT

“Zenit” Russiýanyň çempiony boldy

Russiýanyň futbol boýunça ýokary ligasy bolan “Premier Liganyň” 2019-2020-nji möwsümdäki çempiony mälim boldy. Ol hem “Zenit” toparydyr.

“Zenit” topary çempionatyň 26-njy tapgyrynda myhmançylykda “Krasnodar” toparyny 4:2 hasabynda utup, 6-njy gezek Russiýanyň çempiony bolmagy başardy. Şeýle hem bu topar çempionatyň tamamlanmagyna 4 tapgyr galandygyna garamazdan, 62 utuk toplap, wagtyndan öň çempion bolup, bu ugurda hem rekord goýdy.

“Zenit” topary 2007-nji, 2010-njy, 2011/12-nji, 2014/15-nji, 2018/19 we 2019/20-nji möwsümde çempion bolup, soňky 2 ýyldan bäri çempionlyk derejesini hiç kime bermän gelýär.

Toparyň tälimçisi Sergeý Semak tälimçilik durmuşyndaky 2-nji derejesini gazandy. “Zenit” topary çempionlykda SSKA topary bilen hem deňleşdi.

“Zenitiň” çempionlyk duşuşygynda eýranly türkmen Serdar Azmunyň hem paýy uludyr. Ol bu duşuşykda 2 gezek tapawutlandy.

 

 

Ýene-de okaň

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar

Fransiýa ilkinji ýarym finalçy boldy

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri