SPORT

55 ýaşynda futbol oýnamagy dowam edýär

Futbol karýerasy boýunça Braziliýanyň “Santos”, “Palmerias” we “Koritiba”, Italiýanyň “Genoa”, Horwatiýanyň “Dinamo Zagreb”, Awstraliýanyň “Sidneý” toparlarynda oýnan 55 ýaşyndaky ýapn futbolçy Kazuýoşi Miura Portugaliýada futbol durmuşyny dowam etdirýär.

1986-njy ýylda futbol oýnamaga başlan we futbol taryhyna adyna ýazdyran ýapon futbolçy 26-njy fewralda 56 ýaşaýar. Muňa garamazdan, futbol ýoluny dowam etdirmäge isleg bildirýän bu futbolçy Portugaliýanyň 2-nji ligasyndaky “Oliweirense” toparyna geçdi. Bu ýerde kärendesine oýnar.

Kazuýoşi Miura 60 ýaşaýança futbol oýnamagy dowam etdirjekdigini belläp: “Täze bir ýurda geldim. Köp tagalla edip, nähili futbolçydygymy görkezerin”  – diýip, belledi.

Miura 1990-2000-nji ýyllar aralygynda Ýaponiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde oýnap, 89 duşuşykda 55 gol geçiripdi.

Tejribeli futbolçy häzirki wagtda çenli 700 duşuşykda oýnap, 193 gezek tapawutlanmagy başardy.

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy