BILIM

TOHU-da «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi?» atly açyk sapak geçirildi

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde (TOHU) ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen açyk sapak geçirildi. “Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi?” atly bu çäre ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Açyk sapakda çykyş eden ykdysadyýetçi hünärmen Aganyýaz Döwletgeldiýew häzirki zaman ykdysadyýetinde diňe bir diplomyň ýeterlik däldigini aýratyn nygtady. Ol öz çykyşynda tejribäniň, täze başarnyklaryň we döredijilikli pikirlenmegiň hem uly ähmiýete eýedigini belläp geçdi. Şeýle-de, sanly ykdysadyýet şertlerinde ýaşlaryň özlerini ösdürmek üçin yzygiderli öwrenmegiň zerurdygyny aýtdy.

Çärä gatnaşyjylar çykyş döwründe dürli sowallary berip, ykdysadyýet ulgamyndaky täze ugurlar, telekeçilik mümkinçilikleri we iş bazarynyň talaplary barada giňişleýin maglumat aldylar. Bu bolsa açyk sapagyň interaktiw ýagdaýda geçmegine şert döretdi.

Açyk sapak Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi tarapyndan guraldy.

Bu çäre ýaşlary döwrebap bilim almaga, öz mümkinçiliklerini giňeltmäge we geljekde üstünlikli hünärmen bolmaga ruhlandyrdy.

Ýene-de okaň

Bilim ministrligine 1-nji synpa barjak çagalara sowgat beriljek kompýuterleri satyn almaga ygtyýar berildi

Türkmenistan-Müsür: bilim hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Gazagystanyň ýokary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmen ýaşlary Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyndan baýrakly dolandy

Türkmen-gazak bilim gatnaşyklary berkidilýär

Türkmenistan bilen Russiýa bilim hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Ata Watan Eserleri